Ekologiýa abadançylygy

4 Aprel 2022
1351

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen ekologiýa çäresiniň çäklerinde paýtagtymyzda bir hepdelik — 4-11-nji aprel aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Bu çäklendirme her gün sagat 08:00-dan 18:00 aralygynda dowam edip, ol ýurdumyzda ekologiýa goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Bir hepdeläp dowam etjek bu çäklendirme, esasan, hususy awtoulaglara degişli bolup, jemgyýetçilik ulaglary — awtobuslar we taksiler adaty tertipde hereket ederler.

Paýtagtymyzda ýola goýlan bu başlangyç awtomobillerden daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmakdan we ekologiýa ulagy hökmünde welosipedi şäher ulag hereketine goşmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped ýörişleriniň yzygiderli gurnalmagy bilen bu möhüm ähmiýetli çärä raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa bu jemgyýetçilik ulagynyň — welosipediň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzda bir hepde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi-de daşky gurşawy goramakdan, ekologiýany arassa saklamakdan, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekden, şeýle-de welosiped ýörişleriniň yzygiderli ýola goýulmagyndan ybaratdyr.

«Güneş».