«FedEx» ýük daşama synaglaryny geçirer

4 Aprel 2022
1306

ABŞ-nyň eltip bermek hyzmatyny berýän «FedEx» korporasiýasyna degişli «FedEx Express» kompaniýasy geljek ýyl «Elroý Air Chaparral» awtonom howa ýük ulgamynyň synaglaryna başlar. «eVTOL» howa ýük ulgamynyň «Chaparral» uçary, özbaşdak 135-den 225 kilograma çenli ýüki götermäge ukyplydyr we ony 480 kilometre çenli aralyga eltip bilýär. «FedEx» we «Elroy Air» kompaniýalary 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri hyzmatdaşlyk edýärler we 2023-nji ýylda rugsatnama almak we uçuş synaglaryny ýerine ýetirmek üçin bilelikde işlemegi dowam etdirerler.

Geçen birža söwdalarynda «FedEx»-iň paýnamalary 1,39% ösdi we ABŞ-nyň 235,25 dollaryna barabar boldy.

Batyr GYLYJOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.