Ekologiýa täjirçiligi — täze ugur

29 Mart 2022
1471

Ekologiýany arassa saklamak, daşky gurşawyň tebigat gözellikleri, dürli ösümlikler dünýäsi bilen gurşalmagy, baglaryň, gülleriň binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşmagyny gazanmak şu günüň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bag nahallaryny ekmek dabarasy asylly däbe dowamat berip, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek, gurulýan, durky täzelenýän demir we gara ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşyl zolaklary köpeldip, gözel tebigaty baýlaşdyrýar.

Tebigy gözellikler ykdysady nukdaýnazardan hem barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Soňky wagtlarda «ekologiýa bazary» ýa-da daşky ýaşaýyş gurşawyny gowulandyrýan tebigy baýlyk gorlaryny tygşytly ulanmakda täze mümkinçilikleri döredýän ekologiýa hyzmatlar uly islege eýe bolýar. Ekologiýanyň gazananlaryny ilatyň abadan durmuşynyň hyzmatynda goýmak bilen bir hatarda, bu ugurda ykdysady girdejileri almak ugry hem depginli ösýär. Ýaşaýyş gurşawyna gözegçiligi amala aşyrýan, kärhanalardan çykarylýan hapalanan howany arassalaýan, jaýlaryň howasyny sowadýan we kadalaşdyrýan «ekologik tehnika» diýlip atlandyrylýan abzallary, enjamlary, esbaplary, gurallary öndürmek we desgalary gurmak barha giň gerime, islegli ugra öwrülýär. Şähergurluşygynda we jemagat hojalygynyň hyzmatlarynda galyndy tebigy we material serişdeleriň ulanylmagy hem giňden ýaýbaňlanýar. Bu ugurda senagatyň we oba hojalygynyň galyndylary-da giňden ulanylyp başlandy.

Akgül BAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.