Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine demokratik ýörelgeler dabaralanýar

17 Mart 2022
2060

Eziz Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna geldi. Wise-premýer maşgala agzalary bilen ses berip, konstitusion hukugyny berjaý etdiler. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär soňra ses bermegiň barşyna gözegçilik edýän milli we halkara synçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.