Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

17 Mart 2022
2166

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Türki dilli döwletler, ilkinji nobatda bolsa, halklarynyň medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy müňýyllyklaryň taryhyna uzap gidýän Türkiýe bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli özara hereketler bilen sazlaşykly baýlaşdyrylýar. Biziň ýurdumyz bu gurama geçen ýylyň noýabr aýynda synçy hökmünde girip, onuň işine hem-de bu düzümiň Ýaşulular geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen bolan duşuşygy netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boldy. Türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň ýurdumyzyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak üçin esasy şert bolup hyzmat edýändigini belledi.