Ýerler ekişe taýýarlanylýar

10 Mart 2022
886

Elwan donly bahar geldi. Ene tebigata, şol sanda ene topraga gaýtadan jan berýän bu pasyl süýji hysyrdylaryň ― daýhan aladalarynyň iň möwç urýan döwri. Şolaryň hatarynda gowaça ekişi hem bar.

Bu möhüm oba hojalyk möwsümine welaýatlarymyzyň ähli etraplarynda bolşy ýaly, Farap etrabynda hem ýokary derejede taýýarlykly gelinýär. Şu ýyl etrapda 8400 gektar ýere gowaça ekiler. Häzirki günlere çenli şol meýdanlaryň ählisinde sürüm işleri doly tamamlandy. Bu agrotehniki çärelerden soňra 5903 gektar meýdan tekizlendi, galan atyzlarda hem tekizlemek işleri şu günler dowam edýär. Tekizlenen meýdanlaryň 3213 gektarynda bolsa, ýuwuş suwy tutuldy.

Saodat Awliýakuliýewa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Farap etrap komitetiniň başlygy.