Ösümlikleriň dili terjime edilýär

10 Mart 2022
1433

Ösümlikler bilen «gürleşmek» olaryň ösüşine täsirini ýetirermi? Ysraýylly alymlar munuň şeýle boljakdygyna ynanýarlar. Şonuň üçin hem olar «SupPlant» diýlip atlandyrylýan tehnobaşlangyç bilen ösümlikleriň dilini terjime etmäge girişdiler.

Eýsem, ösümlikler gürläp bilýän bolsa, näme diýerdiler? Belki suw, belki-de dökün sorardylar. Olaryň haýsy biri agdyklyk etse, muny hem duýdurardylar. Howa ýagdaýynyň özüne edýän täsiri barada habardar ederdiler.

Gülşat ATAJYKOWA,
Balkanabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň mugallymy.