Ekerançylygyň medeniýeti

8 Mart 2022
737

Adamzadyň ýaşaýşynda medeniýetiň örän uly ähmiýetiniň bar bolşy ýaly, bol hasyl we gowy hilli önüm almak üçin ekerançylygyň medeniýetiniň hem örän uly möhümligi bar. Ussat daýhanlaryň der döküp, azap çekýän, örküni baglan ekerançylygyny synlanyňda, muňa aç-açan göz ýetirip bolýar. Şeýle ekin meýdanynyň bir daban boş ýa-da alyslardan «Men bärde» diýýän ýaly özüni güjeňläp oturan gamyşly we beýleki haşal otly ýerleri ýokdur. Meýdanyň töwereginde-de haşallara gözüň düşmez. Gowaça düýpleri-de, edil el bilen oturdylan ýaly aralary des-deňje ölçeglidir. Daýhanyň ekerançylygyň medeniýetine üns berşine baha bermek bilen, onuň näderejede hasyl alýandygyny hem, takmynan, kesgitläp bolýar. Çünki işine ussat daýhan ekerançylygyny arassa saklaýşy ýaly, her bir edýän işini hem sap ýüreginden sünnäläp edýär. Elbetde, sünnälenip edilen işiň netijesem, berekedem başga bolýar.

Ekiniň haýsy bir görnüşi bolsa bolsun, onuň hasyly ýyglyp alnandan soň, indiki ýylyň hasylynyň aladalary başlanýar. Gowaça ekerançylygynda hem şeýle. Noýabr aýynda pagta ýygymynyň tamamlanmagy bilen täze ýylyň aladalary başlanýar. Meýdanlar gowaça çöplerinden arassalanýar, atyzlaryň gyralaryndaky haşal otlar çapylyp aýrylýar, otlanýar. Gowaça çöpleriniň çapylmagynyň, ekerançylyk meýdanynyň töwereginiň arassalanmagynyň ekerançylygy medeniýetleşdirmekden başga-da, uly ylmy ähmiýeti hem bar. Mysal üçin, oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagyna köp zyýan ýetirýän süllerme we beýleki käbir keselleriň kömelekleri toprakda, gowaçanyň köklerinde, baldaklarynda gyşlaýarlar. Ekerançylygyň töweregindäki ot-çöplerde bolsa zyýanly mör-möjekleriň tohumlary galýar. Ýazyň gelmegi, howanyň gyzmagy bilen olar hem janlanyp, ekerançylyga ýaýraýarlar we hasyla uly zyýan ýetirýärler. Alymlarymyzyň geçiren ylmy işleriniň netijesinde bugdaýyň däne, gowaçanyň pagta hasylynyň 30–35 göterimine çenlisini keselleriň, mör-möjekleriň ýok edýändigi ýüze çykaryldy. Soňky döwürlerde el güýjüniň deregine gowaça ekerançylygynda gowaça çöplerini tehnikanyň kömegi bilen üwäp, meýdana pytratmak usulyny ulanýarlar. Köp harajaty talap edýän çöp çapmak, ýygnap gyra çykarmak işleriniň aradan aýrylandygy örän gowy zat, ýöne süllerme keseliniň has köp ýaýran meýdanlarynda bu usuly ulanmagyň keseli ýaýratmak ýaly ýaramaz netijeler bilen utgaşaýmagyndan ägä bolmak gerek.

Şamyrat AKMYRADOW,
oba hojalyk ylymlarynyň doktory.