«Buýanly» çöregi — ýokary hilli täze önüm

8 Mart 2022
794

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde Aşgabat — Gökdepe aýlaw ýolunyň 12-nji kilometrliginde ýerleşýän çörek önümleriniň «Bereketli» söwda merkezine bardyk. Bizi bu söwda merkeziniň ýolbaşçysy Annanazar Suwhanlyýew güler ýüz bilen garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra, biz buýan ekstrakty goşulyp taýýarlanýan täze çörek önümçiliginiň ýola goýlandygy hakyndaky habary eşidip gelendigimizi, şular dogrusynda makala ýazjak bolýandygymyzy aýdanymyzda, ol dükana girmegi mürähet etdi. Dükanyň bosagasyndan ätlänimizden ýaňy taýýar bolan çörekleriň hoşroý ysy özüne çekdi. Tekjelerde rejelenip goýlan täze dogan Gün mysaly lowurdaýan çöreklere we çörek önümlerine gözümiz düşdi. Köp görnüşli çörek önümleriniň arasynda «Buýanly» diýen ýazgyly, göze gelüwli gaplara gaplanan çörekler aýratyn ünsümizi çekdi. Täze çörek önümi barada gyzyklanyp, Annanazar Suwhanlyýewe sowal bilen ýüzlendik:

— Annanazar aga, tüweleme, söwda merkeziňizde täze — «Buýanly» çöreginiň önümçiligini üstünlikli ýola goýupsyňyz. Bu ugurda ilkinji ädimleriňiz hakda aýdaýsaňyz?!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».