Daýhançylygy ömrüne hemdem edinen zenan

8 Mart 2022
728

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ençeme müň ýyl mundan ozal hem ekerançylyk, maldarçylyk bilen gün-güzeranyny dolandyran halk bolupdyr. Onuň hakykatdan hem, şeýledigine biz arheologlaryň gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, tapan bugdaý, bürünç däneleriniň üsti bilen hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen öz dänesi, ir-iýmişi, datly miweleri hem-de bakja ekinleri bilen özüni eklän halk bolupdyr. Hatda bakja ekinlerini kerwenleriň üsti bilen gaýry ýurtlara hem ugradypdyrlar. Türkmen gawunlary gadymy döwürde soltanlardyr şalaryň saçaklaryny bezäpdirler.

Daýhançylyk kesp-käri ak bugdaýyň mekany bolan türkmen topragynda gadymy döwürden bäri dowamat-dowam bolup, biziň şu günlerimize gelip ýeten kesp-kärleriň biridir. Mele topraga irginsiz zähmetiňi gaýgyrman hyzmat edip, eken ekiniňden bol hasyl alyp, onuň hözirini görmegiň özi-de halallykdan nyşan. Il arasynda «Dünýäni daýhan ekleýär» diýen çuňňur manyny özünde jemleýän aýtgy bar. Daýhanyň yhlasly, halal zähmeti bilen ýerden önýän azyk önümleriniň her bir maşgalanyň saçaklaryna bereket bolup dolýandygy hemmä mälim hakykat.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».