Alwan aşy

8 Mart 2022
848

Türkmen halkynyň dag-u-düzünde, serginli sährasynda bitýän ot-çöpleriň ählisi diýen ýaly dermanlyk häsiýete eýedir. Parasatly pederlerimiz olary halk lukmançylygynda peýdalanmagyň tärlerini tapypdyrlar. Käbir görnüşinden dürli dermanlar, şerbetler taýýarlanylsa, käbirinden süýji tagamlar bişirilipdir. Şeýle ösümlikleriň biri-de alwandyr. Oňa ylymda «Raddeniň alwany» diýilýär. Bu köpýyllyk otjumak ösümlik sowsanlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 25 – 60 santimetre ýetýär. Ösümlik berdaşly, açyk ýaşyl, ýalpyldawuk bolup, baldagy göni, galyňlygy 1 – 1,5 santimetr, esasy we ýokarsy ýapraksyz, ortasy gür ýaprakly. Ýapraklary sapaksyz, gaçmaýan, nobatlaýyn ýa-da az-owlak çogdumlaýyn, ýokarlygyna kiçelýär. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eseriniň 4-nji tomunda alwan barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Alwan käte daşly-çagylly we daşly eňňitlerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda, gaýalaryň we agaçlaryň aşagynda, kölegeli ýerlerde ösýär. Fewral-mart aýlarynda ösüp başlaýar. Mart-aprel aýlarynda gülläp, maý-iýunda miweleýär. Ol tohumy arkaly köpelýär. Tohumyndan ekilende, ýedi ýyldan, soganlygyndan ekilende, bir ýyldan gülleýär. Raddeniň alwany ýurdumyzda seýrek ot-çöpleriň hataryna girýär. Ösümlik günbatar Köpetdagda, Hasar dagynda köp duş gelýär.

Maksat MEREDOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.