Ýylanyň gowy

8 Mart 2022
2087

Ýazyň gelmegi bilen tebigat özgerýär. Tebigatyň janlanmagy bilen janly tebigat gök öwüsse, haýwanlar tüýüni täzeleýärler. Bu tebigatyň ýazylmadyk kanuny. Beýleki jandarlar ýaly tebigatyň şeýle ajaýyp çagynda ýylanlar hem öz gowuny taşlaýarlar. Sähra ýerlerinde ýylanyň gowuna duşulanda, il içinde aýdylyşy ýaly, «Ýylan köýnegini täzeläpdir» hem diýilýär.

Ýaşululardan eşdişimize görä, ýylan gowy bitmeýän ýarany bitirýär. Içine iriň ýygnap, dömen ýarany kän wagt geçirmän ýarýar. Gadymy döwürlerde atbakarlar: «Ýylan gowuny atyň iýmine garyp berseň, ýylan janawaryň ýylmanak bolşy ýaly, atyň endamam lowurdap owadan görünýär» diýen ynama uýup, öz bedewleriniň iýmitine ýylanyň gowuny owradyp goşupdyrlar.

Merdan ABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.