Baky bahar içinde

24 Fewral 2022
1692

Döwrebap ýyladyşhanalar toplumyndan reportaž

Gyz-gelinleriň bir topary gyş säheriniň aýazyny duýmaýan ýaly, alaýaz bolup degşip-gülşüp, iş ýeriniň öňüne ýygnandylar. Ynha-da, olar ýyladyşhana girdiler. Daşarynyň aýazly, çapgyn şemaly olaryň hyjuwly, joşgunly görnüşinden heder edýän ýaly, daşarda galdy. Birmeňzeş iş eşigini geýnen gyzlar, gelinler ýürekleriniň ýylylygy bilen bu ýere mahmal howaly bahary alyp gelene meňzeýär. Hatda baharyň alamaty hasaplanýan ýaşyl reňk hem bu ýerde has göze ilginç görünýär. Ýaşyl reňkli iş eşigindäki ruhubelent zenanlar ýokary germeşip giden ýaşyl hatarlaryň arasyndan bahar bägüliniň reňkinde özüni güjeňläp oturan, yhlas siňdirip ýetişdiren nygmatlaryna aýratyn mähir bilen garaýarlar. Ýokarlygyna gol ýaýradyp giden ýaşyl germewiň uçlarynda elde sepilen ýaly maýdaja, saryja güller hem bu ýeriň reňkler sazlaşygyna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Annageldi BEKIÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.