Türkmenistanyň energetika syýasatynyň täze belentlikleri: wodorod energiýasy

3 Fewral 2022
2054

28-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyny» tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekdi. Bu resminama «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren BMG-niň pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýasyny hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak bilen bagly teklipleri ekologik taýdan oňaýly energetikany ösdürmäge we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşmak babatda wajyp başlangyç boldy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip düzüldi.

Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.