Abadançylygyň ak ýoly

12 Dekabr 2021
1427

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi. Bitaraplyk parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlykdyr. Bu halkara hukuk derejesi Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylykly ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaşlaryň hatarynda giňden tanalýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri BMG bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegidir.

Gurbanmuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.