Jebisligiň berk binýady

11 Dekabr 2021
1459

Halklaryň, milletleriň, döwletleriň arasyndaky arabaglanyşyk öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. 1995-nji ýylda täzeden kök uran Bitaraplyk syýasatymyz munuň aýdyň nyşany bolmak bilen, türkmen halkynyň asudalygyny şöhlelendirýär, ony dünýä nusga alarlyk derejä eýe edýär.

Agzybirligiň, asudalygyň netijesinde durnukly ösüşlere beslenýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň halkara hukuk kadalaryna öwrülip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara hukugynyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýandygyny aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Munuň şeýledigine ýaňy-ýakynda Türkmenistan döwletimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen YHG-nyň XV sammitinde milli Liderimiziň dünýäde parahat, asuda durmuşyň höküm sürmegi ugrunda öňe süren birnäçe oňyn başlangyçlarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Çynar NURMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.