Öçmejek yz galdyran beýik şahyr

8 Dekabr 2021
2234

Abulkasym Mansur Hasan Firdöwsi, takmynan, 933-nji ýylda Horasanyň gadymy şäheri Tusda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol pars edebiýatynyň dünýä belli wekilidir. Şahyryň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary barada maglumat ýok diýen ýalydyr. Beýik akyldar öz döwründe arap, pars dillerinde bilim alyp, şol döwürde «häkim» tahallusyna eýe bolupdyr.

Firdöwsiniň «Şanama» eseri häzire çenli dünýä edebiýatynyň taryhynda bir adam tarapyndan döredilen iň uly şahyrana eposdyr. Eser mesnewi görnüşinde ýazylyp, möçberi boýunça juda uly eserdir. Göwrümi boýunça ondan uly diňe hindileriň «Mahabharatasy» bar, ýöne hindileriň bu eposy bir däl-de, birnäçe adamyň döreden eseridir. «Şanama» 60 müň beýtden, 120 müň setirden ybarat bolup, Eýranyň hökümdarynyň 53-isiniň patyşalyk eden döwrüni öz içine alýar. Şahyr poemasynyň şalyklar baradadygyny öňe sürse-de, edebiýatçylar awtoryň ulanan çeşmelerine laýyklykda ony üç sany uly ugra — mifologik, rowaýat hem-de taryhy şahalara bölýärler.

Arzuw SETDAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.