­Kämil binýat

7 Dekabr 2021
2065

Milli ylym ulgamyny ösdürmek döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň zerur şertleriniň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyklykda öndürijilikli işlemäge ukyply nesli terbiýelemäge uly üns gönükdirilýär. Bu ugurdaky wezipeler milli we döwlet maksatnamalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ylmy ösdürmegiň ertirki günüňi döretmekdigine ünsi çekmek bilen, «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getirdiler. Görnükli türkmen alymy Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly işinde «Eli hünärli adam baýdyr» diýen parasatly sözler bar. Eli hünärli, kalbynda maksady bolan adam durmuşda öz ýoluny tapýar» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň işini, hereketini, dolandyrylyşyny sanly tehnologiýalar esasynda düýpli özgertmegi, döwrebaplaşdyrmagy häzirki döwrüň iň wajyp wezipesi hökmünde öňe sürýär. Bu bolsa, döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljegi barada alnan ugruň ylmy-tehnologik ösüşe daýanýandygyna güwä geçýär. Ylmy-tehnologik ösüşi gazanmak, önümçiligiň we dolandyryşyň ähli ugurlaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak häzirki döwür üçin iň derwaýys wezipedir. Halkyň gündelik durmuşyndan başlap, makroykdysady dolandyryş ulgamyna çenli ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylýan, bu babatda täze-täze wezipeleriň durmuşa geçirilýän döwründe bu iş bilen baglanyşykly ýaş nesliň kemala gelmegine hem zerur üns gönükdirilýär.

Gözel GARAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.