Arkadagly watanymyz berkarar

6 Dekabr 2021
1143

Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň halkara abraý-mertebesidir, buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgämize esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty esasynda döwletimiziň halkara at-abraýy bu günki gün has-da belende galýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan nobatdaky ykrar edilmesidir.

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty umumadamzat bähbitlidir. Şundan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 71-nji mejlisiniň çäklerinde 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran ýörite çözgüdi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde ýokary abraýynyň hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky gezek ählumumy ykrar edilmesi boldy.

Gurbangül BAÝRAMKULYÝEWA,
TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni.