Hemişelik Bitaraplyk - baky bagtymyz

6 Dekabr 2021
1010

Hormatly Arkadagymyzyň çuňňur parasaty bilen hemişelik Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti has-da artdy. Halkara ýagdaýlara oňaýly täsir ýetirýän türkmeniň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk, ykdysady, ynsanperwer we hukuk ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda durýar. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi biragyzdan ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasy ikinji gezek ykrar edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy aýratyn orny eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz şol taryhy çykyşynda her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip bellemegi teklip etdi. 2017-nji ýylyň fewralynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň 71-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi bilen, 12-nji dekabr — «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda kesgitlenendir. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.