Ynsanperwerlik ýörelgeleri

6 Dekabr 2021
912

Hemişelik Bitaraplyk Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň nusgalyk görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de, dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösmegi üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmäge, sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugry hem Konsepsiýada öz beýanyny tapýar. Bitarap döwletimiziň BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy hem bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany we daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözülmegi, azyk howpsuzlygy hem-de beýleki ugurlar babatda daşary döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar, şeýle hem döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen sebit we umumymilli häsiýetli ençeme başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär. Howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak bilen, dawalaryň sebäplerini aradan aýyrmak bolup durýar. Ikinjiden, biziň ýurdumyz ähli halkara meselelerini diňe syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi öňe sürýär.

Ogulbahar BAKYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy.