Hemişelik Bitaraplyk — ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň binýady

6 Dekabr 2021
1111

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk türkmenistanlylaryň her birini buýsandyrýar. Türkmen halkynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde alysdaky dostlar we ýakyn goňşular bilen hoşmeýilli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär.

Soňky çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde derwaýys meseleleri çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijesini görkezdi. Merkezi Aziýada asudalygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkarar etmek babatda halkara tagallalara goşulyşmak bilen, konstruktiw gepleşikleri ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylygy goraýyş mümkinçilikleri Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýär. Şunda oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy düzgünleridir ýörelgeleri berk berjaý edilýär.

Gülälek HANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy.