Hoşniýetlilik we Parahatçylyk taglymaty

5 Dekabr 2021
1044

Hoşniýetli ýörelgelerimizden gözbaş alýan baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň netijeli daşary syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen iki gezek ykrar edilmegi taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Şonuň üçin hem baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylygyny subut etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamasyna laýyklykda, 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýp özeninde agzybirligiň, parahatçylyk söýüjiligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryň orun eýeleýändigini aýan etdi.

Işanguly MANAÝEW,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.