Bitaraplyk taglymaty: umumadamzat bähbitlerini nazarlap

4 Dekabr 2021
1268

Adamzat taryhynda, ýurtlaryň, halklaryň durmuşynda dürli häsiýetli ykbal kesgitleýji wakalar bolup geçýär. Olaryň ähmiýetine, döwürleriň geçmegi bilen, taryhy nukdaýnazardan baha berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ähli agza döwletleriniň biragyzdan goldamagynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi türkmen halkynyň ykbalyna oňyn täsir eden, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen taryhy ähmiýetli wakalardyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli hem-de halkara derejeli çärelere, maslahatlara ählihalk derejesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatynyň özboluşly dabaralanmasydyr. Şonuň bilen birlikde dünýä ýurtlarynyň halkara hukuk boýunça okuw edebiýatlarynda we ylmy kitaplarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň giňişleýin beýan edilmegi, öwrenilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.