Maslahat geçirildi

3 Dekabr 2021
1096

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň guramagynda adam howpsuzlygy ýörelgelerinden peýdalanmak babatynda milli tälimçileri taýýarlamak boýunça okuw maslahaty üç günläp dowam etdi.

Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň degişli wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak, şeýle-de bu babatda habarlylygy ýokarlandyrmak barada çykyşlar diňlenildi. Ynsan bähbidi nazarda tutulyp durmuşa geçirilýän asylly işlere ýaşlary çekmek hakynda hem aýratyn durlup geçildi.

«Türkmen sporty».