Bitaraplyk — dostlukly gatnaşyklaryň binýady

3 Dekabr 2021
1080

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda baky Bitaraplygymyza 26 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi uludan toýlanan üstümizdäki ýylda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri hem-de iri sebitara we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Muňa 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlylyk esasynda, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz, ilkinji nobatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip, sebitde abadançylygy gazanmaga ýardam berýär. Bu gurama agza döwletleriň her biri bilen ýurdumyz dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Munuň özi Türkmenistanyň YHG-a başlyklyk eden döwründe guramanyň giňişliginde parahatçylygy we ösüşi berkarar etmek babatda öňe süren döredijilikli başlangyçlarynda hem aýdyň beýanyny tapýar.

Pirmuhammet EKÄÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.