Geljege bilelikde barylýan ýörelgeler Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda täsirli beýanyna eýe boldy

3 Dekabr 2021
1282

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ýokary depginli ösýän ýurt, şeýle hem dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen örän köpsanly meseleleriň çözgütlerine işjeň gatnaşýan, parahatçylyk arkaly gülläp ösüşleri berk goldanýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şol bir wagtyň özünde biziň ýurdumyz möhüm ähmiýetli meseleleriň çözgütleriniň mekanyna hem öwrüldi. Munuň şeýledigine ýakynda, noýabr aýynyň soňky günleriniň birinde ýurdumyzyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitinde gelnen çözgütler hem şaýatlyk edýär.

Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, geňeşene dünýä has giň görünýär. Şonuň ýaly, Aşgabat sammiti hem sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen işleri täze bir derejä çykardy: dünýäniň egninde duran meseleleriň çözgütleri tapyldy. Bu uly forumyň Bitarap döwletiň paýtagtynda geçirilmegi bolsa parahatçylyk arkaly gülläp ösüşleri esasy maksat edinýän döwletimiziň dünýä bähbitli durmuşa geçirýän işlerine täze bir öwüşgin çaýdy. Dünýä döwletleriniň birnäçesiniň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşygyň «Geljege bilelikde» diýen şygary öňe sürmeginde hem, siňe seredip otursaň, häzirkisinden hem has berkidilmegi göz öňünde tutulýan gatnaşyklaryň parahatçylyga esaslanýandygy görünýär. Ýene-de halkymyzyň paýhasyna ýüzlensek, saçakly we geňeşli gatnaşyklar arany ýakynlaşdyrýar, gurbuňy güýçlendirýär. Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy döwründe emele gelen ýagdaýdan utuşly çykmagyň möhümdigi bolsa duşuşyga ýene-de bir ýakymly öwüşgin çaýýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.