Ykrar edilen beýik gymmatlyk

3 Dekabr 2021
1039

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak bilen, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna, parahatçylygyň we dostlukly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyz parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleriniň ösüşi we bähbidi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň ýigrimi alty ýylynyň dowamynda dünýä möçberinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy pugtalandyrmak babatda geçiren işleri döwletimiziň at-abraýyny pugtalandyrdy, şeýle-de Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezdi.

  Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän işleri, ekologiýa, energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri we beýleki ugurlardaky başlangyçlary, teklipleri möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň häzirki döwürde sebitde işjeň we birek-birege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly itergi berýändigini bellemek gerek. Üstümizdäki ýylyň dünýä möçberinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi-de munuň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär».

Azatgül TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.