Bitaraplyk — baky bagtym

3 Dekabr 2021
1002

Şeýle at bilen golaýda welaýat kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň toýy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Welaýat medeniýet müdirligi hem-de welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahata ýazyjy-şahyrlar, kitaphanaçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahaty welaýat halk döredijilik merkeziniň hünärmeni Bezirgen Hommadow alyp bardy.

Bu ýerde «Maru-şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, şahyr Bahargül Mejidowa, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülbahar Nazarowa, Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnäzik Esenowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýna Saryýewa, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Hydyrowa çykyş etdiler. Çykyşlarda Bitaraplygyň saýasynda mähriban halkymyz ýurt asudalygynyň, il agzybirliginiň hözirini görýändigi, eziz Watanymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň belende göterilýändigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.