Goşa mukaddeslige buýsanç

2 Dekabr 2021
1187

Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny goşa ganatyna deňeýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyna bolan beýik buýsanç bilen ýaşaýan halkymyz döredýär, gurýar. Ajaýyp ösüşler bilen röwşen geljege barýar. Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanan günlerinde «Garaşsyzlyk — bagtymyz» hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplaryny sowgat etdi. Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby her bir okyjyny, dünýä halklaryny parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän taglymatlaryň manysyna giňişleýin düşünmäge, adamzadyň nurana geljegi babatda has çuň pikirlenmäge iterýär.

hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hoşniýetli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp, gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Onuň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Kitaby okanyňda Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň goşa mukaddesligine Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna bolan buýsanjynyň çäksizdigine göz ýetirip, guwanýarsyň. Kitapdaky: «Biz mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza buýsanç bilen ýaşaýarys, bu mukaddesliklerimizi goramak hem ösdürmek ugrunda tagalla edýäris» diýen ajaýyp sözlerde Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň goşa ganatyna, goşa mukaddesligine — Garaşsyzlygyna hem-de hemişelik Bitaraplygyna bolan belent buýsanç bar.

Ejegül KULAMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň işgäri.