Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň aýdyň ýoly

2 Dekabr 2021
1276

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz üstünliklere beslenýär. Türkmenistan baky Bitaraplygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýurduň, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýar, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar.

Arazdurdy AMANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory.