Umumadamzat bähbidini nazarlap

2 Dekabr 2021
1099

Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň buýsanjydyr, mukaddesligidir. Çünki diňe parahatçylygyň bar ýerinde beýik ösüşleri, bagtyýar durmuşy gazanyp bolýar. Şonuň üçin hem parahatçylyk adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda goýulýar. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan bolsa adamlaryň bu gymmatlygyny mynasyp ösdürip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy ýaýýar.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Türkmen halky hemişe agzybirlige we özbaşdaklyga, dostana gatnaşyklara ymtylypdyr. Şu ýörelgeler beýleki halklar bilen gatnaşyklarda dostana hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda we alnyp barylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.

Maýa AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.