Dostluga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

1 Dekabr 2021
1068

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolanyndan bäri geçen menziline nazar aýlanymyzda, ýurdumyzyň örän uly işleri durmuşa geçirendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Halklaryň, ýurtlaryň bähbidine gönükdirilen işler sanardan köp. Şonuň üçinem uly ösüşler bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýam, şan-şöhratam, mertebesem belent. Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň alyp barýan işleri sebitiň çygryndan çykyp, bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. ªol asylly işleriň hatarynda özara bähbitli hem netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti asylly maksatlara gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de berkitmekde täze sahypalary ýazdy. Bu halkara forumy abraýly gurama agza döwletleriň durmuşynda taryhy waka hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Sebäbi ol diňe bir YHG-a agza döwletleri däl, eýsem, beýleki ýurtlary hem degişli ugurlarda ösdürmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, hoşniýetli, dostlukly hem-de işewür gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».