Abadançylygyň täsirli guraly

1 Dekabr 2021
1007

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň birnäçe komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň fewralynda bolan 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şanly waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Kararnamada ýurdumyzyň ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplan parahatçylyk döredijilikli tejribesi öz beýanyny tapdy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly itergi berdi. BMG bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä esaslanmak bilen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletleýin esaslara daýanýan dostlukly gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe maslahatlarynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem başlyklyk edýär. Ýakynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti hem geçirildi.

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen çykyş edip, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde aýdyň görkezýär. Şeýle-de döwrüň möhüm meselelerine düýpli oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşýär. hem-de olary çözmegiň has oňaýly ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri görýär.

Roza ISMAILOWA,
Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi.