Dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkidip

1 Dekabr 2021
1121

Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden, pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli, giň gerimli özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigine we şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak işinde ýurdumyz abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, bu guramanyň ýörelgelerini halkara bileleşik bilen özara gatnaşyklara doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde eziz Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpli ösdürdi.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory.