Wagta tabyn bolmadyk güýç

25 Noýabr 2021
2499

Adamzadyň pähim-paýhasyndan dörän mukaddeslikleriň arasynda, şahyryň aýdyşy ýaly, hem akyl, hem duýgy, hem baky lezzet bolan kitap-da bar. Gadymy eždatlarymyz belli bir wagtda belent ýanýan oduň daşyna üýşüpdirler. Gezekli-gezegine öz gören-eşiden zatlaryny söýläpdirler. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň arasyndan gürrüň bermäge has ezber adamlar çykypdyr. «Rawy» diýlip atlandyrylan şol kişiler beýan ediljek hekaýata ilki diňleýjileri taýýarlapdyrlar, ýagny olary bir gulaga öwrüpdirler; gussaly, gynançly ýa-da toslama parçalary goşup, gahrymanlaryň hereketlerini dartgynlaşdyrypdyrlar; ýuwaş-ýuwaşdan hekaýatyň çözgüdine ýetipdirler.

Soňra ata-babalarymyz daşlary oýup, ilkinji hatlary ýazyp ugrapdyrlar. Ot başyndaky tolgundyryjy gürrüňler, daş ýüzündäki ýazgylar soňlugy bilen kitaby döredipdir. Juda uzak hem-de juda çylşyrymly ýol geçen kitaby ynsanyň adaty bir zat däl-de, eýsem, mukaddeslik saýmagy, elbetde, ýöne ýerden däl. Adam özüni kitap arkaly açdy, ol öz ähmiýetine kitap arkaly göz ýetirdi. Ady dünýä ýaýran iňlis şahyry Jorj Baýronyň: «Müňläp, hatda millionlap adamda pikir döretmek üçin ýekeje damja syýa ýeterlikdir» diýen sözleri özünde örän uly pikiri jemleýär.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».