Hususy ulgamyň ösüşi

15 Noýabr 2021
2129

Türkmenistanda telekeçilik işi dürli önümçilik we durmuş ulgamlarynda möhüm orny eýeläp, döwletimiziň durnukly ösüşine mynasyp goşandyny goşýar, gaýragoýulmasyz durmuş-ykdysady meseleleri netijeli çözmekde hem-de halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyrmakda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň işjeňleşmegi netijesinde täze iş orunlary döreýär, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşleri we mukdary artýar, olary ýerlemekden alynýan peýdanyň möçberi hem-de dürli önümleriň we önümçilikleriň düşewüntliligi ýokarlanýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyk pudagynda ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümine uly ornuň degişlidigini bellemeli. Türkmen hususyýetçileri döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň buýurmalary boýunça desgalaryň ençemesiniň gurluşygyna barha işjeň gatnaşýarlar we olaryň owadan, özboluşly bezegli binalary gurmakdaky tejribesi barha artýar.

Ýusup ULUGBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.