«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask taryhda baýlygy ABŞ-nyň 300 milliard dollaryna ýeten ilkinji adam boldy. Bu barada «Forbes» neşiri habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, amerikaly işewüriň baýlygy geçen hepde 7,72% (ABŞ-nyň 22,6 milliard dollary) ýokarlanyp, ABŞ-nyň 315,2 milliard dollaryna barabar boldy.
Geçen hepde milliarderiň «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalary ABŞ-nyň 1154,49 dollaryna barabar boldy. Bu görkezijä «Tesla» awtoulaglaryny kärendesine berýän «Hertz» kompaniýasyna 100 müň elektrokar satmakçydygy barada habar peýda bolandan soň eýe boldy. Häzirki wagtda «Tesla»-nyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 1 trillion dollaryndan geçdi. Sanawyň ikinji ornuny ABŞ-nyň 193,2 milliard dollary bilen «Amazon»-yň eýesi Jeff Bezos eýeledi. Ilkinji üçlügi bolsa ABŞ-nyň 190,8 milliard dollary bilen, Bernar Arno jemledi.