Maýa dolanyşygy boýunça bitkoinden soň ikinji kriptowalýuta efiriň bahasy gymmatlap, ABŞ-nyň 4500 dollaryndan geçdi. Kriptowalýutanyň ösmegine gysgamöhletli maýa goýujylaryň efire bolan isleginiň ýokarlanmagy itergi berdi. Şu ýylyň başyndan bäri efire isleg bildirýän treýderleriň sany iň ýokary derejä ýetdi. Elektron pul birliginiň bahasy soňky üç aýda 81% gymmatlady. Ýeri gelende aýtsak, ilkinji elektron pul birligi bitkoiniň bahasy üç aýda 67% artdy.
Geçen birža söwdalarynda bitkoiniň bahasy 5,1% ýokarlandy, ABŞ-nyň 63,73 dollaryna barabar boldy.