Bazar ykdysadyýetiniň görnüşleri we nusgalary

7 Noýabr 2021
1182

Ykdysadyýet sözüni ilkinji bolup, gadymy grek alymy Aristotel ylma girizýär. Ykdysadyýet adalgasy «oikonomia» diýen grek sözünden gelip çykypdyr. Bu adalga köp mana eýe bolmak bilen, adamzat jemgyýeti ösdügiçe, onuň many-mazmuny has-da baýlaşýar. Ilkibaşda öý hojalygyny alyp barmagyň sungatyny aňladýan «ekonomiýa» — «oikos» (öý, hojalyk) — «nomos» (taglymat, kanun) adalgalary goşulýar. Tygşytlylyk — gündelik hajatlaryň kemeldilmegini, serişdeleriň aýawly, rejeli, netijeli sarplanmagyny aňladýar.

Her ýurduň bazar ykdysadyýetiniň öz aýratynlygy bar. Bu aýratynlyklar ýurduň taryhy ösüşine, ykdysadyýetiniň ösen derejesine, döwletiň bazary kadalaşdyrmak boýunça geçirýän çärelerine, oňa täsir ediş usullaryna we jemgyýetiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna baglydyr. Dünýäde bazar ykdysadyýetiniň birnäçe nusgasy bar.

Taýýarlan: Maksat REJEPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiňHalkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.