Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

5 Noýabr 2021
892

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygyna gabatlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işgärlerine gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda milli maksatnamalarymyzyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň halkara giňişliginde-de öz beýanyny tapýandygy nygtalýar. Çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň Türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy, Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikleri, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň eýeleýän orny bellenildi. Şanly sene mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen pul birlikleriniň nusgalaryny, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullary, milli zergärçilik şaý-sepleri hem-de ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän ýörite sergi guraldy.

* * *