Beýik maksatlar rowaçlanýar

4 Noýabr 2021
889

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz beýik ösüşlere, belent üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri döwrebap ösdürilip, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetimiziň kuwwatly bolup durýandygyny görkezip, täze ösüşlere hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Eziz Diýarymyzda ykdysadyýetiň yzygider ösdürilýändigini, önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylýandygyny, senagata hem aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.

Kerwen TAGANMYRADOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.