Gumda dörän gudrat

3 Noýabr 2021
948

Ynsanyň akyl-paýhasy, hünär-başarnygy — gudrat döretmäge ukyply. Munuň şeýledigine düşünmek üçin Garagumda ýerleşýän «Malaý» gaz känini, onda gurlan senagat desgalaryny synlamak hem ýeterlik. Birwagtlar ady diňe dowar bakýan çopanlara mälim bolan bu ýer indi oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan mekanyna öwrüldi. Şeýle tutumly işleriň hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýandygy guwanç bilen bellenilmäge aýratyn mynasypdyr.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde Malaýda häzirki zaman gaz gysyjy desgasy guruldy we hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde şu ýylyň 15-nji ýanwarynda işe girizildi. Umumy bahasy ABŞ-nyň 78 million 140 müň dollaryndan gowrak bolan desga hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysynyň — Beýik Britaniýanyň «Petro Gaz LLP» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda guruldy. Ýyllyk kuwwaty tebigy gazyň 30 milliard kub metrine barabar bolan bu desga önümçilik sehleriniň ikisinden ybarat bolup, onuň «A» sehi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmäge, «B» sehi bolsa «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
žurnalist. Surata düşüren Merdan ORAZOW.