Döwletli başlangyçlar dabaralanýar

2 Noýabr 2021
1038

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat — Tejen» böleginiň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň, şol sanda ulag ýollarynyň gurluşygynyň we üstaşyr ulag geçirijilerini döretmek ugrundaky beýik işleriň nusgasy bolup, ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyrdy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu ýol ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlerini hem-de merdana pederlerimiziň ýol, köpri gurmak ýaly sogaply işleriniň dowamat-dowamlygyny ýene bir ýola şöhlelendirdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy we taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti alyp barýar. Gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlip, üç tapgyrda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen we umumy uzynlygy 600 kilometr bolan ýokary tizlikli ýoluň üstünlikli tamamlanan ilkinji tapgyry — Aşgabat — Tejen aralygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýoluňyz ak bolsun!» diýip, ak pata bermegi bilen ulanyşa girizildi.

Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.