Bagtyýarlyk döwrümiziň beýik işleri

2 Noýabr 2021
896

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryna, halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna we erk-islegine daýanyp, ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz güýçli depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi. Munuň şeýledigine ýurdumyzda alnyp barylýan iňňän uly gurluşyk işleri, halkara demirýollarynyň hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyklary şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat —–Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi her bir ildeşimiziň kalbynda buýsanjy, ata Watanymyza bolan söýgini has-da belende göterdi.

Aşgabat–— Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy eziz Diýarymyzyň üstaşyr ulag düzümini döretmek üçin durmuşa geçirilýän taslamalaryň iň irileriniň biridir. Bu awtomobil ýoly Merkezi Aziýa we beýleki goňşy döwletler üçin hem üstaşyr geçelgeler ulgamynda açylýan ägirt uly mümkinçilikdir. Ýokary tizlikli bu ýol goňşy ýurtlardan gelýän harytlary ýurdumyzyň üsti bilen sebitiň bazarlaryna tiz hem-de ygtybarly ýetirmäge amatly şertleri döredýär. Çünki Türkmenistanyň çäkleri Merkezi we Günorta Aziýa döwletlerine çykmak üçin möhüm geçelge bolup hyzmat edýär.

Dünýä BAÝMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.