Ýürekler buýsanja beslenýär

2 Noýabr 2021
792

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Merkezi Aziýa sebitinde ulag ulgamyny ösdürmekde hem-de döwrebaplaşdyrmakda örän möhüm orny eýeleýär. Ynha, 29-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň uzynlygy 203 kilometr bolan Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi türkmen halkyny diýseň buýsandyrdy. Halkymyzy aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de, bu halkara derejeli ulag ýoluny hut türkmen gurluşykçylarynyň

ýerine ýetirmegidir. “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň hem dabaralanmasydyr.

Tawus ALLANUROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.