Manadyň durnuklylygy — milli ykdysadyýetiň kuwwaty

1 Noýabr 2021
1063

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgelerinden ugur alnyp amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ykdysady we maliýe-karz ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda pul-karz syýasaty Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde bank ulgamynyň netijeli işlemegine aýratyn orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bank ulgamy okgunly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu ulgamyň edaralarynyň üstüne pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, maliýe akymlaryna gözegçilik etmek, olary paýlamak, hojalyk birlikleriniň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmek, aýry-aýry pudaklara, işewür düzümlere hem-de ilata karz bermek wezipeleri ýüklenildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» we «Karz edaralary we bank işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda, şeýle hem «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

Bahar NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň Amallar bölüminiň esasy hünärmeni.