Halkyň hyzmatynda

1 Noýabr 2021
838

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine durnukly esasda uzak möhletli maýa goýumlary çekmek, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda birža — söwdany amala aşyrýan dilerler üçin niýetlenen, ýörite enjamlaşdyrylan bazar ýeri diýmegi aňladýar. Gazna biržasy bolsa gymmatly kagyzlary we operatorlary saýlamak mümkinçilikli, geleşikleriň we olar boýunça hasaplaşyklaryň bellige alnyşynyň merkezleşdirilenligi, resmi nyrh kesmegiň (kotirowka) berkidilmegi bilen tanalýan we biržanyň agzalaryna gözegçilik edýän merkezi bazardyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň emissiýasy degişli tertipde hasaba alynýar we ilat köpçüligine hem-de oňa isleg bildirýän taraplara mahabatyň üsti bilen hödürlenilýär. Dolanyşygyň ýöredilişi boýunça aýdyňlaşdyrma işleri dowamly, üstünlikli geçirilýär. Munuň özi gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemeginiň möhüm ugry bolup durýar. Gymmatly kagyzlar bazarynyň häzirki zaman maliýe bazarynyň iň işjeň bölegine öwrülmegini gazanmak üçin bu işe gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça özbaşdak okuw sapaklaryna synaglar geçirilip, olaryň netijeleri boýunça ýörite şahadatnamalar gowşurylýar.

Kamargül ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.