«Mawy ýangyjyň» höziri

1 Noýabr 2021
899

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gurbansoltanejeetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna mahsus işleri durmuşa geçirýärler. Bu ugurda şu ýylyň on aýyny netijeli jemlän edaranyň işçi-hünärmenleri häzirki döwürde noýabr aýynyň işlerine guramaçylykly girişdiler.

Edaranyň işgärleri tarapyndan häzirki döwürde etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 1210 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 513 sanysyna ýokary derejede hyzmat edilýär. Munuň özi etrabyň 24609 sany hojalygynyň ilatynyň ýylyň islendik döwründe tebigy gazyň üznüksiz hözirini görüp ýaşamagy, olaryň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ugrunda gaz hojalygy edarasynyň agzybir işgärleri tarapyndan öwgä mynasyp işleriň alnyp barylýandygyndan habar berýär. Edaranyň gazçylarynyň medeni zolakdan uzakda ýaşaýan etrabyň çarwaçylyk bilen meşgullanýan ilatly ýerlerini ýörite gaz ballonlaryna gaplanan suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri hem guwandyryjydyr.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».