Ykdysady durnuklylygyň girewi

1 Noýabr 2021
820

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň esasynda, hereket edýän kanunçylyk binýady häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär, müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar, fiziki we ýuridik şahslara, galyberse-de, kiçi hem-de orta telekeçilik üçin berilýän karzlaryň möçberleri artdyrylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu ulgamyň edaralary ýurdumyzyň iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň örän möhüm çeşmesi bolup durýar. Şeýle hem häzirki döwürde gözel paýtagtymyz Aşgabady hem-de welaýatlarymyzyň şäherlerini, obalaryny täze görke getirip, abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmekde uly orun eýeleýär.

Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.